«Galatasaraýdan» garaşylmadyk transfer

8 Sentýabr 2024
19

Tomusky transfer möwsüminde iň garaşylmadyk ýöriş Türkiýäniň «Galatasaraý» kluby tarapyndan amala aşyryldy. Has takygy, türk kluby tutuş tomus Ýewropanyň top klublaryndan şertnama hödürlenilen, Saud Arabystanynda uly möçberdäki zähmet haklary teklip edilen ýyldyz hüjümçi — Wiktor Osimheni düzümine goşmagy başardy. «Galatasaraý» Osimheni «Napoliden» bir möwsümlik kärendesine aldy.

«Daily Sport» neşiriniň ýazmagyna görä, «Galatasaraýyň» Osimhen we «Napoli» bilen baglanyşan şertnamasynda oýunçyny satyn almak hukugy barada hiç zat ýazylmandyr. Emma «Galatasaraý» öňdebaryjy klublardan teklip gelip gowşan halatynda gyşky transfer möwsüminde oýunçyny goýbermäge razylaşypdyr.