Ronaldu gollarynyň sanyny 900-e ýetirdi

8 Sentýabr 2024
10

Portugaliýaly 39 ýaşly hüjümçi Kriştianu Ronaldu resmi oýunlardaky gollarynyň sanyny 900-e ýetirdi. Onuň ýubileý goly UEFA-nyň Milletler Ligasynyň 1-nji tapgyryndan orun alan Portugaliýa — Horwatiýa oýnunda derwezä gönükdirildi. Oýun Portugaliýanyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, Ronaldu resmi oýunlarda öz adyna 900 gol ýazdyran taryhdaky ilkinji oýunçy boldy. Ol 5 goly «Sportingiň», 145-sini «Mançester Ýunaýtediň», 450 goly «Realyň», 101 goly «Ýuwentusyň», 68 goly «Al-Nassryň» hem-de 131 goly Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçirdi.

Taýýarlan: Atajan AZIZOW, TDBGI-niň talyby.