Taryhdaky ilkinji resmi ýeňşini gazandy

8 Sentýabr 2024
13

5-nji sentýabrda San-Marinonyň ýygyndysy UEFA-nyň Milletler Ligasynyň 1-nji tapgyrynyň oýnunda Lihtenşteýni 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. San-Marino ýeňiş getiren ýeke-täk gol 19 ýaşly Niko Sensoli tarapyndan derwezä gönükdirildi. Gyzykly tarapy, bu ýeňiş San-Marinonyň milli ýygyndysy üçin taryhdaky ilkinji resmi üstünlikdir. Halkara meýdançada 34 ýyl bäri çykyş edýän bu ýygyndy mundan ozal diňe bir gezek, 20 ýyl öň ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazanyp görüpdi.

Ýeri gelende bellesek, San-Marino häzirki wagtda UEFA-nyň reýtinginde iň aşakdaky orny eýeläp dur. FIFA-nyň reýtinginde bolsa bu ýurt 210-njy basgançakda barýar.

Taýýarlan: Röwşen AZADOW, TDBGI-niň talyby.