10,9 müň transfer amala aşyryldy

8 Sentýabr 2024
11

Futbol dünýäsinde 2024-nji ýylyň tomusky transfer möwsümi amala aşyrylan transferleriň sany boýunça ozalky rekordy täzeledi. Has takygy, şu ýylyň tomsunda tutuş dünýäde 10,9 müňden gowrak transfer amala aşyryldy. Bu bolsa rekord görkezijidir. Tamamlanan tomusda erkekleriň futbolynda amala aşyrylan transferleriň umumy bahasy 6,4 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu taryhdaky ikinji görkezijidir.

Ýurtlaryň mysalynda alanymyzda iň köp transfer Angliýada amala aşyryldy. Iňlis klublary şu transfer möwsüminde 526 oýunçyny satdylar hem-de 523 oýunçyny satyn aldylar. Angliýanyň toparlary tarapyndan satylan oýunçylaryň umumy bahasy 1,69 milliard amerikan dollaryna, satyn alnanlaryň bahasy bolsa 1,25 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

Taýýarlan: Gurban BEGALYÝEW,
TDBGI-niň mugallymy.