Hytaýyň ýygyndysy Paralimpiýa oýunlarynda birinji orny eýeledi

8 Sentýabr 2024
17

Hytaýyň ýygyndy topary Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen Paralimpiýa oýunlarynda medallaryň sany boýunça birinji orny eýeledi. 7-nji sentýabrdaky ýaryşlardan soňra hytaýly türgenler Pariž Paralimpiýa oýunlarynda 94 altyn, 73 kümüş we 49 bürünç jemi 216 medala mynasyp boldular. Ikinji orundaky Beýik Britaniýanyň ýygyndysynda bolsa 47 altyn, 41 kümüş, 31 bürünç jemi
119 medal bar. Ýeri gelende bellesek, Hytaýyň ýygyndy topary bassyr altynjy gezek Paralimpiýa oýunlarynda birinji orny eýeledi. Maglumat üçin, Pariždäki Paralimpiýa oýunlary 28-nji awgustda başlanyp, düýn — 8-nji sentýabrda tamamlandy. Oňa 182 ýurtdan 4 müň 400-den gowrak türgen gatnaşdy.

Bellik: Paralimpiýa oýunlarynyň soňky gününiň ýaryşlary gazetimiziň çapa berilýän pursatlarynda geçirildi, 8-nji sentýabrda hasaba alnan netijelere görä, medallaryň sany boýunça üýtgeşme bolup biler.