Nyşanlar — taryhy hakydanyň çelgisi

7 Sentýabr 2024
483

Dünýä akyl ýetirmekde, aňlamakda we bilmekde nyşanlara uly ähmiýet berlipdir. Nyşanlar arkaly adamzat jemgyýetiniň wakalaryny we tebigatyň dürli hadysalaryny kesgitläp bilipdirler. Dünýä halklarynyň ählisinde diýen ýaly nyşanlaryň ol ýa-da beýleki görnüşleri olaryň bütin taryhy döwürlerinde ulanylypdyr. Döwlet nyşanlary hökmünde syýasy, ykdysady gurluşy, jemgyýetçilik durmuşy, şeýle-de adaty ýaşaýyş, haryt önümçiligi bilen bagly aýratynlyklary aňladýan nyşanlar ulanylypdyr. Diýmek, nyşanlar halkyň ýaşaýyş-durmuşynda, medeniýetinde zähmet öndürijiliginde giňden ýaýran ruhy gymmatlyklaryň biridir.

Sekizburçluk nyşany abadançylygyň, asudalygyň, şowlulygyň, bitewüligiň we takyklygyň alamaty hasaplanypdyr. Bu nyşan iki dörtburçlygy üst-üste çapraz goýmak arkaly döredilipdir. Onuň bilen köp sanly ynançlar baglanyşdyrylypdyr. Sekizburçluk diňe bir bolçulygyň, berkararlygyň nyşany bolman, eýsem, onuň bela-beterden gözden-dilden goraýandygyna hem ynanylypdyr.

Mäti ANNANUROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri.