ABŞ-nyň «Populous» binagärlik studiýasy Saud Arabystanynyň El-Hubar şäherinde guruljak täze «Aramco Stadium» stadionynyň taslamasyny hödürledi. 47 müň orunlyk stadionyň 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň esasy meýdançalarynyň biri boljakdygy tassyklanýar.
Taslama burum-burum görnüşinde bolup, Pars aýlagynyň kenarynyň tolkunlaryny ýada salar. Desganyň öň tarapy biri-biriniň üstüni örtýän panellerden ybarat bolup, olar tebigy ýagtylygyň düşmegi üçin yşlar bilen üpjün ediler. Panduslar we geçelgeler binanyň daşky burum-burum dizaýny bilen utgaşyp, tomaşaçylaryň ünsüni stadionyň elliptik aýlawyna gönükdirer. «Populous» studiýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, dizaýn taýýarlananda deňiz möwçleriniň tebigy şekillerinden ylham alyndy.