Moneniň kartinasy auksiona çykar. Fransuz suratkeşi Klod Moneniň 1897-1899-njy ýyllar aralygynda çeken «Suw liliýalary» kartinasy 26-njy sentýabrda Gonkongda «Christie’s» auksionyna çykarylar. Döredileni bäri 125 ýylyň içinde ilkinji gezek satuwa çykarylýan kartina 25-35 million dollar aralygynda baha kesilýär.
121 ýyldan soň gowşan hat. Suonsidäki (Uels) gurluşyk jemgyýetiniň işgärleri 1903-nji ýylyň 23-nji awgusty bilen senelenen haty aldylar. Hat Lidiýa Dewis diýen biriniň salgysyna ýazylyp, Pembrukşirdäki Fişgard şäherinden iberilipdir. Patyşalyk poçtasynyň wekili hatyň poçtada saklanman, golaýda ugradylan bolmagynyň mümkindigini çaklady.