Mugallym – Be­lent sar­pa my­na­syp ynsan

6 Sentýabr 2024
27

Er­tir 1-nji sent­ýabr gü­nü­di. Ag­şam iş­le­ri­mi bir­ýüz­li edip, in­ter­net sa­hy­pa­la­ryn­da ýer­leş­di­ri­len tä­ze­lik­ler bi­len tan­şyp baş­la­dym, in­ter­net ýaz­gy­la­ry­nyň bi­rin­de: «Sa­lam, mu­gal­lym! Gör, nä­hi­li gu­la­ga ýa­kym­ly eşi­dil­ýän söz­ler. El­bet­de, dün­ýä­de iň hor­mat­ly kä­riň haý­sy­dy­gy ba­ra­da so­ral­sa, «mu­gal­lym­çy­lyk» di­ýip jo­gap be­rer­dim. Se­bä­bi mu­gal­lym öw­red­ýän us­sat, öz öm­rü­ni ylym öw­ret­mek ýa­ly asyl­ly işe ba­gyş ed­ýän be­ýik yn­san­dyr. Mek­dep ýyl­la­ry­ny mu­gal­lym­syz göz öňü­ne ge­tir­mek as­la müm­kin däl» di­ýen se­tir­le­re gö­züm dü­şen­de bi­yg­ty­ýar ça­ga­lyk ýyl­la­rym ýa­dy­ma düş­di. El­bet­de, mäh­rem ene per­zent­le­ri üçin il­kin­ji mu­gal­lym we il­kin­ji bas­gan­çak­dyr. Ýa­şaý­şyň do­wam et­me­gi bi­len aý­lar, ýyl­lar aý­la­nyp, ça­ga bel­li bir ýa­şy­na ýe­ten­soň maş­ga­la­nyň is­le­gi­ne gö­rä ça­ga­lar ba­gy­na ber­lip, ça­ga üçin eý­ýäm ikin­ji mu­gal­lym, ýag­ny ter­bi­ýe­çi bo­lup ikin­ji bas­gan­ça­ga çy­kyp baş­la­ýar. Ça­ga­jyk­lar ça­ga­lar ba­gyn­da ter­bi­ýe­çi­niň, ýag­ny ikin­ji mu­gal­ly­myň ola­ra ber­ýän mä­hir-yh­la­sy ne­ti­je­sin­de ýu­waş-ýu­waş­dan dur­mu­şa ädim ädip baş­la­ýar. Ça­ga­lar ba­gyn­da ter­bi­ýe­çi mu­gal­lym­lar ça­ga­la­ryň elin­den tu­tup, ak ka­gy­zyň ýü­zü­ne çyz­gy­jyk­lar çe­kip, ola­ryň ki­ta­ba, su­ra­ta bo­lan hö­we­si­ni oýa­ryp baş­la­ýar­lar. El­bet­de, ça­ga mek­de­be taý­ýar­ly­gy ça­ga­lar ba­gyn­dan baş­lap öw­re­nip baş­la­ýar. Soň­ra mek­dep ýa­şy­na ýe­ten­de 1-nji sent­ýabr gü­ni, mäh­ri­ban ene-ata­la­ry­nyň elin­den tu­tup, mek­de­be ba­ryp, öz­le­ri­ne ber­ki­di­len mu­gal­lym bi­len gar­şy­laş­ýar­lar we dur­mu­şyň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na ta­rap ýo­la ro­wa­na bo­lup baş­la­ýar­lar.

Ýa­dy­ma düş­ýär, mäh­rem kä­bäm ekiz ta­ýym Al­ma­gül iki­mi­ziň eli­miz­den tu­tup Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­byn­da ýer­leş­ýän 1-nji or­ta mek­de­biň sa­ýa­ly bag­lar­dan do­ly owa­dan how­lu­sy­na el­te­nin­de içi okuw­çy og­lan-gyz­lar­dan do­ly mek­de­be haý­ran ga­lyp se­red­ýär­dik. Soň­ra mek­de­biň okuw mü­di­ri Ça­ry mu­gal­lym bi­zi bir ki­çi­rä­jik okuw ota­gy­nyň ga­py­sy­na ge­ti­rip: «Ine ça­ga­lar, si­ze ber­ki­di­len mu­gal­lym» di­ýip, ak ýüz­li, uzyn boý­ly, gör­me­geý mu­gal­lym gyz bi­len ta­nyş­dy­ryp­dy. Mu­gal­ly­my­myz Dür­li Ora­zo­wa mä­hir­li ýyl­gy­ry­şy bi­len bi­zi gar­şy­lap­dy. El­bet­de, mu­gal­ly­myň gü­ler ýü­zi, il­kin­ji no­bat­da, tä­ze oku­wa ge­len okuw­çy üçin iň ze­rur şat­lyk­dy.