Ýagşylygyň ýalkymy

5 Sentýabr 2024
56

Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinden: «Toprak suwa ezilýär we akyp gidýär ýa-da toprak suw bilen birigende, ondaky organiki esaslar janlanýarlar. Ody ýel, howa tutaşdyrýar, toprak, suw öçürýär. Umuman, ýaradylyşyň esasyny düzýän maddy barlyklar özara baglanyşykdadyr» diýen setirlerini okanyňda, halkymyzyň ruhy güýjüni ykdysady mümkinçiliklerimizde döredijilige öwrüp, asuda jemgyýetli, bolelin durmuşly bagtyýar zamanany döretmäge gönükdirilen kämil paýhasa göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiz hem adamzadyň kalbyndaky iň ýagşy garaýyşly ruhy maddalary maddy mümkinçiliklerimiz bilen täsirlendirip, parahatçylykly ösüşiň iň kämil tejribesini döretdi.

Gahryman hajy Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Änew şäherinde Seýit Jemaleddiniň adyny göterýän metjidiň, şeýle hem Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap täze metjitleriň açylyp ulanylmaga berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen sahawatly işleriň dowamat-dowama beslenýändigini aýdyňlaşdyrýar.

Begenç HANNAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň doktoranty.