Göwündeş goňşular

5 Sentýabr 2024
65

Milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary hakda söhbet

Goňşy-goňşa golaý bolmagy gatnaşyklar babatda-da hemsaýa golaýlygyny döredýär. Uzak ýyllar birek-birege ylalaşykly ýaşamagy aňladýar. Halkymyzyň «Ýan goňşym — jan goňşym», «Goňşy goňşyň hem görki, hem örki», «Goňşy halyny goňşy biler» diýip döreden dürdäne aýtgylary goňşularyň biri-birine gara gadyrlygydyr, duz-emekligidir, gyl geçmez ýakynlygydyr. Ýurtlar babatda Watanymyz üçin günorta goňşymyz bolan Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklarymyz geçmişden şu güne barha berkäp geldi. Ynanyşmak, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, doganlyk-dostluk onuň düýp esaslary boldy. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet Baştutany hökmünde daşary ýurtlara ilkinji saparlarynyň birini öňňil iýun aýynda şu ýurda amala aşyrypdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 28-nji awgustda, çarşenbe güni goňşy döwlet Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary mizemez taryhy gatnaşyklary has-da pugtalandyrdy. Çarşenbede çar ýana.