Garaşsyzlyk — ösüş menzillerine ýetmegiň özeni

3 Sentýabr 2024
48

Mundan 33 ýyl ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan Garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi.

Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda yzygiderli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, ilatyň dürli gatlaklaryny döwletiň işlerini dolandyrmaga çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk senesi türkmen halky üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu gün biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris.

Jeren ATAMYRADOWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Aşgabat şäheriniň Halk maslahatynyň agzasy.