Ýokary hil — täze belentlikleriň girewi

3 Sentýabr 2024
178

Häzirki döwürde islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşi onuň harytdyr hyzmatlarynyň ýokary hilli öndürilmegine we tehniki-tehnologik ýagdaýlaryna baglylykda kesgitlenýär. Çünki adamzat täze jemgyýete — «hil we howpsuzlyk siwilizasiýasyna» gadam basdy. Şundan ugur alnyp, XXI asyr halkara guramalaryň aglabasy tarapyndan «Hil asyry» diýlip yglan edildi. Hil özüniň esasy manysy boýunça jemgyýetde zähmetiň ýokary netijeliliginiň görkezijisi we milli baýlygyň çeşmesidir. Hil durnuklylyk we uzak ömürlilikdir. Hil — jogapkärçilikli ýerine ýetirilen hyzmat. Bu ýerde iki taglymat utgaşdyrylýar. Olaryň birinjisi, müşderiniň islegleriniň öwrenilmegi we şoňa laýyk önümçiligiň guralmagy. Ikinjisi bolsa, ähli hyzmat ediş ulgamy boýunça syýahatçylara hem-de myhmanlara oňaýly we amatly, şeýle-de howpsuz şertleriň kepillendirilmegidir. Çünki her bir hyzmatyň hili ýurtda syýahatçylyk pudagynyň ykdysady netijeliliginiň gazanylmagyna öz täsirini ýetirýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň syýahatçylyk bazary beýleki pudaklar bilen deňli-derejeli ösýän we hyzmatlaryň görnüşiniň giňeýän, kämilleşýän toplumyna öwrüldi. Syýahatçylygyň toplumlaýyn häsiýeti, köplenç, gurşawda hyzmatyň hiline baha bermek üçin ýeke-täk görkezijiniň kesgitlenmegini kynlaşdyrýar. Şol bir halatda ykdysady, guramaçylyk we tehniki ýagdaýlaryň täsiri bu işiň dürli görnüşinde hyzmatyň hilini şol bir görkeziji bilen ölçemäge mümkinçilik berenok. Halkara syýahatçylyk bazarynda hyzmatyň hiliniň we bäsdeşlik gurşawynyň zerur häsiýetleriniň bolşy ýaly, syýahatçylykda-da hyzmatyň hilini ölçemek iň wajyp meseleleriň biridir. Şunda bäsdeşlik öz gezeginde ikä bölünýär: birinjisi, hyzmatyň bahasy, ikinjisi, syýahatçylyk önüminiň hili.

Jumageldi SALAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.