Işewür hyzmatdaşlyk ilerledilýär

30 Awgust 2024
86

Ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barmak arkaly dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar, şol sanda abraýly kompaniýalar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirýär. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem BMG-niň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýar. Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen BAE-niň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Nesil».