Döwletara gatnaşyklara ygrarlylyk

30 Awgust 2024
84

Ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, iki halkyň arasyndaky pugta doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Muny 27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi nobatdaky gezek tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-özbek gatnaşyklary giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklarda pugtalandyrylýar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň dowam etdirilýär, halkara giňişlikdäki hereketler netijeli utgaşdyrylýar. Parlamentara gatnaşyklar hem täze ösüşe eýe boldy.

«Nesil».