Deňhukuklylyk. Düşünişmek. Netijelilik

30 Awgust 2024
86

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyk edýär. Dostlukly ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürilýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygynyň dostlukly döwletleriň birnäçesiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etmegi aýratyn bellärliklidir.

26-njy awgustda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan toplumlaýyn maksatnamalaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.

«Nesil».