Welaýatlardan habarlar

30 Awgust 2024
88

Berkarar döwletimizde ýaş nesliň ilhalar adamlar bolup ýetişmegi, saýlap alan hünärinde zähmet çekmegi babatda giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň welaýat, şäher, etrap merkezlerinde, obalarda ýaş nesillerimiziň boş wagtlary sport mekdeplerinde saýlan sport görnüşi bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler bar. Bäherden etrabyndaky 350 orunlyk sport mekdebi hem aýdylanlara mysaldyr. Bu ýerde sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanmaga, türgenleşikleri yzygiderli geçirmäge giň mümkinçilikler döredilendir. Mekdebimize gatnaýan çagalar hem ýetginjekler küşt, stol tennisi, woleýbol, grek-rim göreşi, milli göreş, boks, ýeňil atletika boýunça türgenleşýärler. Her bir sport toparyna ýaş aýratynlygyna görä, ýagny 6-7 ýaşdan, 8-9 ýaşdan we 10-11 ýaşdan kabul edilýär. Ýaşlar tejribeli tälimçilerden sport görnüşleriniň inçe tilsimlerini öwrenýärler. Tälimçilerimiziň hem-de türgenlerimiziň yhlasly türgenleşikleri olary üstünlige ýetirýär.

Hurmagül ANNAGURBANOWA,