Çem­pi­on ýeň­şi ýat­dan çy­kar­dy

30 Awgust 2024
72

Ni­der­land­la­ryň Zand­woort şä­he­rin­de ge­çi­ri­len For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 15-nji ýa­ry­şyn­da «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol şä­he­riň ady­bir tras­sa­syn­da gu­ra­lan 72 aý­law­dan yba­rat bo­lan ýa­ry­şy 1 sa­gat 30 mi­nut 45,19 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 2-nji ýeň­şi­dir. Nor­ris­den 22,896 se­kunt yza ga­lan «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ol 2021-nji ýyl­dan soň gaý­ta­dan sa­na­wa gi­ri­zi­len bu «Gran Pri­de», ýag­ny öz ýur­dun­da il­kin­ji ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. Şol bir wag­tyň özün­de-de Wers­tap­pe­ne 5 ýa­ryş­dan bä­ri bi­rin­ji bol­mak ba­şar­da­nok.

Ýa­ryş­da 3-nji or­na «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly sü­rü­ji­si Şarl Lek­ler my­na­syp bo­lup, ol ýe­ňi­ji­den 25,439 se­kunt soň pel­le­ha­na gel­di.