Ro­bot­lar gün­de­lik dur­mu­şa ara­laş­ýar

30 Awgust 2024
42

Go­laý­da Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­kin­de Bü­tin­dün­ýä ro­bot mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu mas­la­hat­da 20-den gow­rak adam­sy­pat ro­bot köp­çü­li­ge gör­ke­zil­di. Ro­bot­lar eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­lip­dir. Bu bol­sa ola­ra edil adam ýa­ly gep­le­mä­ge we so­wal­la­ry­ňa jo­gap ber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. «EX Ro­bots» we «Ast­ri­bot Co.» at­ly kom­pa­ni­ýa­la­ryň ro­bot­la­ry has köp ada­myň ün­sü­ni çek­di. Gün­de­lik dur­muş­da ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen ro­bot­la­ryň ara­syn­da «Ast­ri­bot S1» at­ly ro­bot ada­ma has köp meň­zeş­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu iki kom­pa­ni­ýa hem şu ýy­lyň do­wa­myn­da ro­bot­la­ryň tä­jir­çi­lik mak­sat­ly önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak is­le­ýär.