«San­ly çar­wa­la­ra» gol­daw ber­ler

30 Awgust 2024
40

Soň­ky ýyl­lar­da in­ter­net teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de köp işi uzak­dan et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­di. Mu­ňa, esa­san, komp­ýu­ter ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler de­giş­li­dir. In­di yz­da ga­lan pan­de­mi­ýa döw­rün­de bol­sa, bu ýag­daý has hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy, ge­rek­li teh­no­lo­gi­ýa­lar kä­mil­leş­di­ril­di. Ne­ti­je­de, köp adam di­ňe öýün­de otu­ran ýe­rin­de däl, dün­ýä­niň baş­ga bir kün­je­gin­de otu­ran ýe­rin­de işi­ni edip baş­la­dy. Hat­da kä­bir adam­lar gä­mi­de uzak ara­ly­ga sy­ýa­hat ed­ýän wag­ty hem işi­ni et­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Şeý­le adam­la­ra «san­ly çar­wa» di­ýil­ýär. Ara­gat­na­şyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy ösen ýurt­lar ýa-da şä­her­ler «san­ly çar­wa­lar» üçin dür­li wi­za ýe­ňil­lik­le­ri­ni gi­ri­zip, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny hem ös­dür­ýär­ler. Is­pa­ni­ýa­nyň Est­re­ma­du­ra se­bi­ti ýo­ka­ry hü­när­li san­ly ul­gam hü­när­men­le­ri­ne 15 müň ýew­ro çen­li ma­li­ýe gol­da­wy­ny ber­ýär. Gü­neş­li ýurt­ bo­lan Is­pa­ni­ýa­nyň bu se­bi­ti­ne bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny beý­le­ki ýer­le­ri­ne ga­raň­da az. Şol se­bäp­li aw­to­nom se­bi­tiň ýol­baş­çy­la­ry bu ýe­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dy­ryp, yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek is­le­ýär­ler. Mu­nuň üçin je­mi 200 mil­li­on ýew­ro bö­lü­nip ber­lip­dir. Ne­ti­je­de, se­bit­de 200 sa­ny ýo­ka­ry hü­när­li iş­gä­riň ýa­şa­ma­gy ga­za­ny­lar. Baş­ga ýer­ler­den gö­çüp bar­jak­lar üçin bu se­bi­tiň amat­ly ta­rap­la­ry­nyň bi­ri hem ýa­şaý­şyň ba­ha­sy­nyň ar­zan bol­ma­gy­dyr. Bu ýer­de na­har­lan­mak, jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy we je­ma­gat hyz­mat­la­ry ýur­duň paý­tag­ty Mad­ri­de ga­raň­da 30 gö­te­rim ar­zan. Se­bi­tiň ýol­baş­çy­la­ry op­ti­ki sü­ýüm­li we mo­bil in­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň tiz­li­gi­niň ýur­duň beý­le­ki ýer­le­rin­den has go­wu­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Üs­te­si­ne bu ýe­riň dag­lyk we owa­dan te­bi­ga­ty bar. Is­pa­ni­ýa­nyň beý­le­ki ýer­le­ri­niň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ry hem bu ýe­ňil­lik­den peý­da­la­nyp bi­ler­ler. Olar­yň azyn­dan iki ýyl ýa­şa­ma­ga wa­da ber­megi hem-de Is­pa­ni­ýa­nyň is­len­dik ýe­rin­de ýaz­ga du­ran bol­magy ýe­ter­lik. Ze­nan­lar, 30 ýa­şy­na ýet­me­dik ýaş­lar hem-de Est­re­ma­du­ra­nyň ila­ty 5 müň­den az bo­lan et­rap­la­ryn­da ýa­şa­jak­lar 10 müň ýew­ro, beý­le­ki­ler bol­sa 8 müň ýew­ro ma­li­ýe kö­me­gi­ni alyp bi­ler­ler. Iki ýyl­dan soň­ra bi­rin­ji ka­te­go­ri­ýa­da­ky­lar ýe­ne bir ýyl ýa­şa­mak­çy bol­sa­lar 5 müň ýew­ro, ikin­ji ka­te­go­ri­ýa­da­ky­lar 4 müň ýew­ro alyp bi­ler­ler. Tä­ze mak­sat­na­ma­nyň gel­jek aýyň or­ta­la­ryn­da güý­je gir­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.