«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

30 Awgust 2024
96

Düýn Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň paýtagtymyzda geçiren duşuşyklary netijeli häsiýete eýe boldy. Olarda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika pudagy boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, geljegi uly meýilnamalar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigi, ony mundan beýläk-de ýygjamlaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

(Ýörite habarçymyz).