Sam­bo­çy­la­ryň üs­tün­li­gi

29 Awgust 2024
58

Gyr­gy­zys­ta­nyň Çol­pan-Ata şä­he­rin­de sam­bo bo­ýun­ça Dün­ýä ku­bo­gy ge­çi­rildi. Oňa Türk­me­nis­tan­dan 29 tür­gen gat­naş­dy. Ýa­ryş ze­nan­la­ryň we er­kek­le­riň arasyn­da sport hem-de sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­lar­da il­deş­le­ri­miz üs­tünlik­li çy­kyş et­me­gi ba­şar­dy­lar. Olar öz ag­ram de­re­je­le­rin­de ne­ti­je­li çy­kyş edip, 1 al­tyn, 2 kü­müş we 7 bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar.

Has ta­ky­gy, Ny­ýaz­my­rat Ba­be­kow al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ol bu üstün­li­gi sport sam­bo­sy bo­ýun­ça 64 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de ga­zan­dy. Şeý­le hem sport sam­bo­sy bo­ýun­ça Ba­ba­my­rat Baý­ra­mow, Kam­bar Uma­row we Azi­za Naza­ro­wa, sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça Ke­rim Ke­ri­mow bi­len Aga­sa­par Mu­ha­dow da­gy hor­mat mün­be­ri­niň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy­lar. Sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça Ýu­sup Taň­ry­ber­di­ýew bi­len Za­ri­na Ab­dy­rah­ma­no­wa kü­müş, Mak­sat An­na­gy­ly­jow we Gülza­da Jo­ra­ku­ly­ýe­wa bol­sa bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar.