Boks boýunça birinjilik

29 Awgust 2024
98

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde 2009–2011-­nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda boks boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi.

Çekeleşikli geçen ýaryşda halypa tälimçi Orazgeldi Çaryýarowyň tälimçilik edýän toparynyň türgenleri birinji orna, Ýusup Şyhymgulyýewiň şägirtleri iki­nji orna, Rejepmuhammet Hojamgulyýewiň tälim berýän türgenlerinden düzülen topar bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.