Berkarar döwlet istärin

28 Awgust 2024
66

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä şygryýetiniň genji-hazynasynyň dürdäneleridir. Onuň ajaýyp şygryýeti arkaly türkmeniň ady dünýä edebiýatyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Beýik Pyragynyň mähriban halkyna arzuw eden berkarar döwleti, bagtyýarlyga beslenen durmuşy bu gün eziz Diýarymyzda hakykata öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe-de derwaýysdyr» diýip belleýär.

Selbi GUTLYÝEWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.