Ýeňişleriň sany artýar

28 Awgust 2024
81

Ençeme ýyldan bäri Ýaragly Güýçlerimizde harby türgenleri taýýarlap, döwlet derejesindäki bäsleşiklerde baýrakly orunlary gazanyp gelýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, «Aziýa döwletleriniň tälimçisi» diýen tälimçilik derejesi bolan halypa tälimçi, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Annageldi Rahymowyň taýýarlan şägirtleri bu gün guwandyryjy netijeleri görkezýärler. Ýakynda Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýapyk çempionaty geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary, tälimçi, gara guşagyň eýesi, sport ussady, uly leýtenant Güýç Gökowyň taýýarlan harby talyp türgenleri bilen bilelikde kapitan Mülkaman Sahadowyň şägirtleri hem işjeň gatnaşyp, özleriniň ussatlyklaryny ýene bir ýola äşgär etdiler we Ýaragly Güýçlerimiziň sport abraýynyň has-da artmagyna uly itergi berdiler.

Bäsleşikde kumite görnüşi boýunça 18 — 29 ýaşly türgenleriň arasynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ençeme gezek çempionlygyny gazanan, gara guşagyň I danynyň eýesi, borçnama boýunça harby gullugyň seržanty Şatlyk Tekäýew, çagyryş boýunça harby gullugyň kiçi seržanty Atamyrat Çaryýew we esger Arzuw Seýitkulyýew dagy öz agram derejelerinde hormat münberiniň birinjiligini eýelemegi başardylar. Harby talyplar Arslan Babanazarow, Annanur Tagansähedow we ençeme gezek halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelemegi başaran ussat türgenimiz Daýanç Keletliýew hem bu gezek çempionlyga mynasyp göreşip, baýrakly 2-nji orna mynasyp boldular. Leýtenant Amangeldi Ataýew, harby talyp Eziz Ýaýlymow, esgerler Meýlis Hojamuhammedow, Muhammedaly Ýazhanow dagy hem baýrakly 3-nji orny eýelediler.

Serdar SAPAROW,
borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.