Görelde mekdebi

28 Awgust 2024
51

Häzirki wagtda gullugymyzyň Weteranlar geňeşiniň agzalary harby bölümlerde, şol sanda ilatly ýerlerden uzakda ýerleşýän serhet galalarynda bolup, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti, onuň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde alnyp barylýan taryhy işler barada harby gullukçylaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Halypa serkerdeleriň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mynasyp dowam etmeginde ýetilen sepgitler, ähli döwletler, hususan-da, serhetdeş ýurtlar bilen parahatçylykly gatnaşyklary has-da ösdürmekde alnyp barylýan işler barada berýän gürrüňleri harby gullukçylarda buýsançly tasir galdyrýar.

Allamyrat ÝALKANOW,
podpolkownik.

Şatlyk ATAŞOW,
maýor.