Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda halkara hyzmatdalygyna hem uly ornuň degişlidigini aýratyn bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetiň iň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Saglyk her bir adam üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň, güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňligiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlaryň ylym derejesini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şol işleriň çäklerinde bize hem Hytaý Halk Respublikasynda bolup, «Türkmenistan üçin adaty hytaý lukmançylygy» atly okuw maslahata gatnaşmaga mümkinçilik döredildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Şansi welaýatynyň Taýuan şäherinde okuw sapaklaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi. Sapaklary alyp barýan professor-mugallymlar zähmet çekýän hassahanalarynda adaty hytaý lukmançylygyna degişli bolan usullar bilen tanyşdyrdylar. Biz okuw sapaklarynda daşky barlag usullary arkaly kesele kesgitleme goýmak, iňňe bejergisi, mokso bejergisi ýaly usullar bilen ýakyndan tanyşdyk. Owkalama usullary, dikeldiş-bejeriş işleriniň geçiriliş usullary hem giňden öwredildi. Şeýle-de, meýilnama laýyklykda
Pekin şäherinde hem bolduk.