«Arkadag» toparynyň şanly sepgidi

26 Awgust 2024
121

Gysga wagtlyk taryhynda milli futbolymyzdaky rekordlaryň ençemesini täzelän «Arkadag» futbol topary geçen şenbede 50-nji resmi duşuşygyny geçirdi. Şeýlelikde, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şähere wekilçilik edýän topar türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji 50 duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanan ýeke-täk topara öwrüldi. Bu başarnyk dünýä futbolynyň taryhynda hem ýok diýerlik derejede seýrekdir.

50 duşuşyklyk ýoluň başlangyjy geçen ýylyň aprel aýyndan gaýdýar. Topar şondan bäri bir ýarym möwsümde Türkmenistanyň çempionatynda 42, ýurdumyzyň Kubogy ýaryşynda bolsa 8 duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyklaryň ählisi «Arkadag» futbol toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».