Ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilýär

25 Awgust 2024
173

Çagalar täze okuw ýylynyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olaryň halaýan okuw esbaplaryny mekdep bazarlaryndan saýlap almaga doly mümkinçilikleri bar. Ene-atalaryň çagalaryna alyp berýän täze okuw esbaplary olaryň göwünlerini göterýär. Şol göwün göteriji harytlary bolsa, ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda we Aşgabat şäherimizde guralan mekdep bazarlaryndan elýeterli bahalardan satyn alyp bolýar.

Mekdep bazarlarynyň mähellesi günsaýyn artýar. Olarda mekdep harytlarynyň söwdasy barha gyzyşýar. Satuw tekjelerinde okuwçylar üçin dürli derslere degişli bolan depderler, gündelikler, reňkli kagyzlar, surat albomlary we galamlaryň dürli görnüşleri bar. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna derslerde dürli hasaplamalary öwrenmek üçin ýörite taýajyklar elýeterli boldy. Uly we kiçi ýaşly oglandyr gyzlara niýetlenen mekdep torbalarynyň ýokary hilli görnüşlerine, milli nagyşlar bilen keşdelenen oglan we gyz tahýalaryna bolan islegler has-da uly. Mekdep bazarlarynda okuwçylar bilen bilelikde mugallymlar hem-de talyplar üçin degişli harytlary tapmak bolýar.

Selbi NYÝAZMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiň mugallymy.