Yssy howada saglygyňy nädip durnukly saklamaly?

23 Awgust 2024
64

Şu gün­ler ýurdumyzyň äh­li se­bit­le­rin­de ys­sy ho­wa aky­my do­wam ed­ýär. Howanyň ys­sy gün­ler­inde sag­ly­gy­ňy dur­nuk­ly sak­la­mak esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Ho­wa­nyň çak­da­na­şa gyz­ma­gy adam be­de­nin­de dür­li näsaz­lyk­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gün­di­ziň jöw­za­ly ys­sy­syn­da ça­ga­la­ryň da­şar­da oý­na­mak­la­ry­na ýa-da ge­ze­lenç et­mek­le­ri­ne rug­sat ber­me­li däl. Ýaş ça­ga­nyň be­de­ni­ne ge­rek bo­lan D wi­ta­mi­ni al­mak üçin her gün ir­den sa­gat 09:00-a çen­li, ag­şam sa­gat 18:00-dan soň 15-20 mi­nut ge­ze­lenç et­mek ýe­ter­lik­dir. Gün şöh­le­si uly adam­lar üçin hem ze­rur­dyr. Be­den üçin ge­rek bo­lan Gün şöh­le­si ka­bul edil­me­se, adam­da keýp­siz­li­giň, uky­nyň bo­zul­ma­gy­nyň we ga­har­jaň­ly­gyň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ýö­ne Gün şöh­le­si­niň do­wam­ly tä­si­ri­niň be­de­ne örän uly zy­ýan ýe­ti­rip bil­jek­di­gi­ni hem unut­ma­ly däl.

Gün ur­ma­dan go­ran­mak üçin ak, açyk reňk­li egin-eşik­le­ri, ba­şy­ňa baş­gap geý­mek ýa-da ýag­lyk da­ňyn­mak, şeý­le-de gö­zü­ňe Gün şöh­le­sin­den go­raý­jy äý­nek­le­ri da­kyn­mak we be­den­dä­ki su­wuň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­mak mö­hüm­dir. Ho­wa­nyň aşa gyz­ma­gy bi­len, su­wuk­ly­gyň der üs­ti bi­len köp muk­dar­da bö­lü­nip çyk­ma­gy ne­ti­je­sin­de, be­den­dä­ki de­ňag­ram­ly­lyk bo­zu­lyp, be­den­dä­ki bar bo­lan mak­ro we mik­ro ele­ment­le­riň, wi­ta­min­le­riň köp muk­dar­da bö­lü­nip çyk­ma­gy­na we ga­nyň go­ýal­ma­gy­na ge­ti­rip bil­ýär. Mu­nuň özi in­sult we in­farkt ke­sel­le­ri­niň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler. Aras­sa agyz su­wy ta­la­ba­la­ýyk içi­len­de be­de­niň im­mun iş­jeň­li­gi ýo­kar­la­nyp, ho­wa şert­le­ri­niň üýt­gäp dur­ma­gy ze­rar­ly ýü­ze çyk­ýan nä­saz­lyk­lar­dan go­ra­ýar. Be­den­dä­ki suw de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­mak üçin mi­ne­ral suw­la­ry ýa-da aras­sa agyz su­wu­ny her gün 2,5-3 lit­re go­laý iç­me­li. Şeý­le ho­wa şert­le­rin­de baş­ga-da peý­da­ly iç­gi­ler bar. Ola­ra mi­we önüm­le­rin­den taý­ýar­la­nan şi­re­ler, süýt we süýt önüm­le­rin­den taý­ýar­la­nan iç­gi­ler de­giş­li­dir.