Zähmet soňy — rehnet

22 Awgust 2024
95

Her kim öz rysky üçin hereketde bolmalydyr. Bu hereketiň adyna zähmet diýilýändir. Adamy beýleki ýaradylan jandarlardan tapawutlandyrýan zat, onuň zähmetidir. Zähmet dermandyr. Ol üstünligiň ilkinji şertidir. Zähmetsiz hiç zat mümkin däldir. Eger «Beýik işleri amala aşyrmak üçin adama iň gerekli zat näme?» diýlip, sorag berilsedi, meniň jogabym «Zähmetsöýerlik» bolardy.

Zehini, başarjaňlygy, yhlasy görmezlik mümkin, emma zähmeti görmezlik mümkin däldir. Zähmetsöýer adamy, onuň netijeliligi bilenem gözden sypdyrmak mümkin däldir. Müsür barada bilýän zadyňdan biri, hökmany suratda, Müsür piramidalary bolar. Sebäbi bu piramidalary gurmak üçin siňdirilen akyl-almaz zähmetdir. Hytaý barada bilýän zatlaryň biri, hökmany suratda, olaryň Beýik diwary bolar, sebäbi bu diwary gurmak üçin millionlarça adamyň zähmeti siňdi. Zähmetiň netijesini görmezlik mümkin däldir.

Bagtyýar GURBANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.