Beýik ösüşleriň zamanasy

21 Awgust 2024
101

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajap eýýamymyzyň her bir güni şatlyk-şowhuna, toýdur-baýramlara beslenýär. Diýarymyzyň ähli pudaklary döredijilikli zähmet üstünlikleri bilen barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz hem ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Çünki, bu ýyl türkmen halky akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýylygyny ýokary ruhubelentlik bilen toýlaýar. Çünki, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkymyzyň buýsanjy, köňül daýanjydyr. Şahyryň ajaýyp şygyrlary ata-babalarymyzyň arzuwlan azatlygynyň, erkinliginiň, özbaşdaklygynyň mizemez nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar il-günümizi şeýle eşretiň goýnunda ýaşadýan, okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!