Pedagogik işgärleriň maslahaty

21 Awgust 2024
124

Ösüşleriň beýany — üstünligiň hemrasy

Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň awgust aýynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlary we maslahaty ýokary guramaçylykda geçirilýär. Etraplarda, şäherlerde geçirilýän usuly-amaly okuw maslahaty pedagogik işgärler, esasan-da ýaş mugallymlar üçin has-da ähmiýetlidir. Ýakynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde welaýatyň öňdebaryjy işgärleriniň maslahaty geçirildi. Täsirli geçen maslahata welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri hem-de bilim işgärleri gatnaşdylar.