Ýaş türgeniň psihologiýasy

21 Awgust 2024
103

Ýeňmek üçin güýç gerekmi?! Eýsem, güýç ulanmazdan ýeňmek mümkinmi?! Psihologlar, eger-de tötänlikden garşydaşa duş geläýseňiz, ruhdan düşmezligi maslahat berýärler. Gorkyny ýeňmegiň ygtybarly usuly ynamdyr. Siz ýeňjegiňize ynanyň we bir gezek uludan dem alyňda: «Men hökman ýeňerin», «Men başararyn» diýen sözleri belent ruhda gaýtalaň! Bu ýeňşe sary ruhlandyrar. Garşydaşyňyz bilen tutuşlyk mahalynda kän jedele girmäň, jedel aňyňyzda aýlan pikirleriňizi dargadar we ünsüňizi böler. Üns şol pikirleriňizi galyba salyp, hereket etmegiňize ýardam eder. Ynam — ýeňmegiň ygtybarly usuly bolsa, üns şol ýeňşe iterýän güýçdür. Biz bu ýerde size güýji ulanmazdan ýeňmegiň däl-de, eýsem, güýji has-da ýeňillik bilen ulanmak arkaly, çalt we garşydaşa tiz zarba bermegiň usullary hakynda aýtmak isleýäris.

Esasy usullaryň biri-de endiklerdir. Kämil bolmak üçin, ilkinji nobatda, öz erkiňe bolan wepalylykdyr. Çünki sen, ilki, öz-özüňi ýeňmeli, erk terezisinde özüňe agram bermeli. Wagtly-wagtynda gündelik maşklary ýerine ýetirmek, naharlanmak, arassa howada dem almak, saýlap alan sportuň bilen meşgullanmak ýaly işleri adata öwürmeli. Şeýle-de, ýuwaş-ýuwaşdan gündelik fiziki hem-de ruhy maşklar bilen hem bedeniňi berkitmeli hem-de ruhuňy kämilleşdirmeli. Bu meseleler babatda söweş sungatynyň haýsydyr bir görnüşi hem ýakyndan ýardam edip biler.

Gurbanmyrat GURBANOW.