Agzybirligiň, jebisligiň güwäsi

21 Awgust 2024
74

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň esasy maksady eziz Diýarymyzyň ösüşli ýollarda ýeten belent sepgitlerini täze üstünlikler arkaly berkidip, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak wajyp wezipeler döwletimiziň öňde goýýan şeýle belent maksadyna ýetmegine oňyn itergi berer. Sebäbi halkyň bähbitlerini araýan ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahaty berkarar ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny beýik maksat-tutumlaryň, taryhy özgertmeleriň daşyna jebisleşdirip, nurana geljege alyp gitmekde uly güýçdür. Şol bir wagtda bu ýokary wekilçilikli edara kämillik mekdebini geçen milli demokratik däplerimiziň, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mazmun baýlygyna eýe bolýandygyny hem tassyklaýar.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.