«Kalp damjalary» kyssalar toplumyndan

21 Awgust 2024
90

— Adama görüm-görelde hem gerekdir welin, onuň durmuşda bolup biliş ýagdaýy, häsiýeti ene-atadan geçip, bile dogulýan bolmaly — diýip, tanşym gürrüň berýär. Süýjülik bilenem çagalyk ýyllarynyň ýatlamalaryna dolanyp, bu gürrüňi näme üçin gozgandygynyň sebäbini düşündirmäge çalyşýar: — Obamyzdaky duldegşir goňşymyzyň bäş gyzy bar. Olaryň ählisem indi oral aýal ýaşyna ýetdiler. Arada şolaryň biri meniň ýaňy bir ýörjen-ýörjen bolup, dil açyp ugran wagtlarymy ýatlaýar. Şol döwürlerde alnan suratlardanam görnüşi ýaly, men kiçijikkäm pökgüje bolupdyryn. Onsoň her gün diýen ýaly moýmudaklap, ýaňky köp gyzly goňşymyza barýan ekenim. Gaty kiçijik bolmaga çemelim, sebäbi şol zatlar asla meniň ýadyma düşenok. Bir gün gyzlar üýşüp otyrkalar, meniň gelýändigimi äpişgeden görüp: «Geliň, hemmämiz ýatan bolalyň» diýşip dilleşipdirler-de, gapydan girerime mähetdel uklap ýatan bolupdyrlar. Men nädendir öýdýärsiň? Öýe giren ýerimde biraz çugutdyryp oturypdyryn-da, menem gyşaryp ýatyberipdirin. Onsoň gyzlara gülşüp, oýanan bolmakdan başga alaç galmandyr.

Ýöne gep munda däl. Gyzlar her gezek baranymda, elime süýji-köke tutduryp goýberýän ekenler. Bir günem olar bir haltajygy kökedir kemputdan gyra-gyrma dolduryp, maňa beripdirler. Menem ony zordan diýen ýaly göterip alyp gaýdyşyma ejemiň öňüne getirip goýupdyryn-da, şeýle diýipdirin: «Eje, men-ä indi şolara gitjek däl, utanýaryn».

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».