Zähmet — durmuşyň bezegi

21 Awgust 2024
76

Halkyň arasynda «Zähmet soňy — rähnet», «Adam eli — gyzyl gül», «Işlemedik — dişlemez» ýaly zähmet bilen baglanyşykly aýdylan ençeme atalar sözleri bar. Elbetde, bu paýhaslar bize zähmeti söýüp ýaşasaň, sen hemişe bagtdan paýlysyň, onuň rähnetiniň eýesisiň diýen taglymy pent edýär. Adamyň aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde hem zähmetiň hyzmaty uludyr.

Edep bilen bagtyň tapylýandygy — hemmeleriň ykrar eden çözgüdi. Ýöne bagtyň zähmet bilenem tapylýandygyny nygtasak, biziň garşymyza çykjak adam bolar öýdemok.

Hangylyç TAGANGYLYJOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär.