Eşretli ýaşaýşyň sakasy

21 Awgust 2024
117

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde ösüşlere beslenýän täze taryhy eýýamda halkymyzyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanylyp, munda köpçülikleýin bedenterbiýedir sport mynasyp orun eýeleýär. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri, kämilleşmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermekleri üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

Ynsan saglygynyň ähli zatdan belentde tutulýan döwründe eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň has-da rowaçlanmagy, türkmen sportunyň ösmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Milli sportuň ösmegi köpçülikleýin bedenterbiýeden başlanýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny berjaý etmäge hem-de sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwesiň barha artýandygyny, bu babatda alnyp barylýan işleriňem gitdigiçe rowaçlanýandygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzda geçirilýän medeni-sport çäreleriniň, ýaryşlaryň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýeti bar. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň saglygyny goramakda we berkitmekde, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen hemişelik meşgullanmaklaryny gazanmakda alnyp barylýan döwletli tutumlaryň dowamat-dowam bolýandygy buýsançly başymyzy has-da belende göterýär.

Myratberdi BERENOW,
welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň direktory.