Täsirli geçen duşuşyk

21 Awgust 2024
122

Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti wagyz edildi.

Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmekde jemgyýetçiligiň wekilleriniň orny barada çykyş edildi. Çykyşlarda bellenişi ýaly, naýbaşy toýumyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda ýeneki tutumly işlere badalga bolar.

Merdan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.