Möhüm möwsüme taýýarlyk

21 Awgust 2024
167

Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlarynyň tutanýerli zähmeti bilen, şanly ýylymyzda ak bagta deňelýän «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilýär. Daýhan üçin gyzgalaňly döwür bolan häzirki günlerde gowaça meýdanlary joşgunly zähmete beslenýär. Möhüm möwsüme taýýarlygyň çäginde oba hojalyk düzümleriniň sazlaşykly hereketi ýola goýuldy. Şu günler welaýatyň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ýygym möwsüminde işlediljek kombaýnlaryň, dürli kysymly tehnikalaryň, traktorlaryň tirkegleriniň tehniki ýagdaýy gözden geçirilýär, düýpli abatlanyp, taýýarlyk hatarynda goýulýar. Sebitiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda, harmanhanalarda täze hasyly bökdençsiz kabul etmek, aýawly saklamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda bol hasyl ýetişdirildi. Patrak ýaly açylan gozalar ýygym möwsüminiň barşynda taýýarlanylmagy göz öňünde tutulan 275 müň tonnalyk sepgide ýetiljekdigine uly ynam döredýär. Welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündizleýin bökdençsiz kabul ediler.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».