Bagt köprüsi (Hekaýa)

20 Awgust 2024
117

Biz o mahallar tomus möwsümine çykanymyzda, synpdaşlarymyz bilen bakjaçylara kömege barardyk. Olara gawun ýygnaşýardyk. Güýjümiziň ýetdiginden Kerkiçä gaýdýan ýük maşynlaryna gawun ýükleşýärdik. Bir gün Şahan sürüji meni ýanyna «gürrüňçi» edip, üsti gawun ýükli ulagda alyp gaýdypdy. Deň-duş oglanlarymyň köpüsi eýýäm bärde ekeni. Men olaryň ýanyna gidip oýnaýyn diýsem, Şahan şagalaň:

— Sen şu münüp gelen gawun ýükli ulagyň töwereginden aýrylma! Gawundan gyrp-çyrp etjek bolýany görseň, derrew maňa habar ber! Men hol sürüjiler bilen çaý içjek, birsalym gürrüň etjek. Düşündiňmi? Ýa-da... — Göwnüme bolmasa, ol ýumrugyny düwen ýaly boldy. — Ýa-da düşündirmelimi?

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.