Nusgawy edebiýatda terbiýeçilik

20 Awgust 2024
234

Watanyň şöhratyny dünýä ýaýýan ogullary terbiýeläp ýetişdirmekde, döwletiň sarsmaz binýadyny goramakda, kämil medeniýetimiziň kemala gelmeginde, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşinde maşgala terbiýesiniň möhüm ornunyň bardygyny bellemek gerek. Şeýle mukaddes ýörelge akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi durmuşyň ähli meselelerini öz içine alýar. Şahyryň döredijiliginde halypa-şägirtlik ýoluna, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, edebi-medeni gymmatlyklaryň ruhy güýjüne, ynam-ygtykadyň terbiýeçilik ähmiýetine, taryhy şahsyýetleriň nusgalyk keşbine aýratyn üns berilýär. Dana şahyr taryhy wakalaryň beýanyny, rowaýatlary, hekaýatlary, nakyllary bolsa ynsan kämilligini dürli tarapdan açmagyň çeperçilik serişdesine öwrüpdir.

Jahan ORAZLYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň mugallymy.