Türkmen samboçylary Dünýä kubogynda üstünlikli çykyş etdiler

19 Awgust 2024
117

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024

2024-nji ýylyň 15 — 16-njy awgustynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde sambo boýunça Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. «Gazprom» sport toplumynda geçirilen şol ýaryşlara Türkmenistandan 29 türgen gatnaşdy» diýip, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berilýär.