Gün urmadan goranyň!

16 Awgust 2024
132

Tomsuň yssy günlerinde irden 09:00-dan agşam sagat 18:00-a çenli Günüň aşagynda gezmekden saklanmaly. Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan tikilen ýeňil eşikleri geýmek maslahat berilýär. Kelläňe hökman başgap geýmeli, ýaglyk atynmaly, saýawan götermeli. Ýanyňda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny göterip, suwsan mahalyň az-azdan içip durmaly. Bu yssy howada teşneligiňi gandyrmaga kömek edýär.

Gün uran adamda umumy ysgynsyzlyk, güýçli kellagyry, bedende gyzgynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, gaýtarmak ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýa duçar bolany, ilki bilen, kölegä ýa-da salkyn howaly ýere geçirmeli. Dem almasy gowulanar ýaly, egin-eşiklerini gowşatmaly. Köp mukdarda suwuklyk içirmeli hem-de lukmana ýüz tutmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.