Sagdyn jemgyýet – kuwwatly döwlet

16 Awgust 2024
60

Sag­ly­gy­ny ber­kit­mek her yn­sa­nyň öz elin­de. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­ta bol­maz­dan bu­run» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, onuň ga­dy­ry­ny bil­mek hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän ýö­rel­ge­si­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak üçin ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry, öňü­ni alyş çä­re­le­ri gu­ral­ýar, azyk howp­suz­ly­gy­ny ýo­la goý­mak ug­run­da mö­hüm iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da ata Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe gü­wä­na­ma­la­ry­na my­na­syp bol­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­tan BMG we onuň iri dü­züm­le­ri bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge we ber­kit­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­mek, luk­man­çy­lyk hem-de yl­my dip­lo­ma­ti­ýa ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny öňe sür­mek bi­len, öza­ra iş­jeň, ne­ti­je­li, mak­sat­na­ma­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hem BMG, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri, aý­ra­tyn-da, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry we yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry­myz has-da iş­jeň­leş­di­ril­ýär. Te­le­luk­man­çy­lyk we te­le­mas­la­hat­lar ar­ka­ly hal­ka­ra de­re­je­sin­de öza­ra tej­ri­be alyş­mak, ama­ly luk­man­çy­ly­ga öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naş­dyr­mak ýa­ly iş­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.

Eziz Di­ýa­ry­myz­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, adam­la­ryň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­ma­ga hem-de jem­gy­ýe­tiň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek hem-de ra­ýat­la­ryň bu ul­ga­myň çyg­ryn­da­ky hu­kuk­la­ry­ny ke­pil­len­dir­mek bo­ýun­ça esa­sy döw­let res­mi­na­ma­sy bo­lan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň we giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi esa­syn­da ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri has-da art­ýar. Döw­re­bap öz­gert­me­ler, ga­za­nyl­ýan ösüş­ler oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Tä­ze luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gur­lup, sag­ly­gy go­raý­şyň mil­li nus­ga­sy dö­re­dil­ýär. Al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ha­ta­ryn­da döw­re­bap has­sa­ha­na­la­ryň, anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri­niň, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň hal­ka hyz­mat et­me­gi ba­bat­da­ky dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.