12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri girizildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hazar sebitinde söwda-ykdysady we ulag-logistika hyzmatdaşlygyny, senagaty we energetikany ösdürmek, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl ykdysadyýeti» kemala getirmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, deňziň biologik köpdürlüligini gorap saklamak, bu täsin suw aýtymynyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, geljekki nesillere miras galdyrmak barada giň gerimli, ýurt hem-de sebit ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurtda döredilen ekologiki kanunçylyk ulgamy döwlet tebigaty goraýyş syýasatyny netijeli amala aşyrmaga we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Esasy üns bolsa Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz gurşawyny goramaga berilýär.