Ulag ul­ga­my we san­ly­laş­dyr­mak

16 Awgust 2024
182

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda

2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.