Binagärligiň beýik nusgasy

15 Awgust 2024
143

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatlary bilen ýurdumyz giň gerimli gurluşyk meýdançasyny ýatladýar. Milli Liderimiziň amala aşyran şähergurluşyk maksatnamasy esasynda ak mermere beslenen Aşgabat dabarasy dünýä dolan, ýaşamak üçin amatly, iň ajaýyp şäherleriň birine öwrüldi. Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk gurluşyk taslamasynyň täzeçil usullaryny özünde jemlän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri hem döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde gurluşygy amala aşyrylan Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa we owadan ýurdumyzyň möhüm merkezleriniň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlygyna girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip bellemegi raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýändigini görkezýär. Binýady berkden bolan şähergurluşyk maksatnamasyny esaslandyryjy Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmegi bilen täze şäher IT tehnologiýalarynyň we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän binagärlik işleriniň nusgasyna öwrüldi.

Bagtyýar ALLOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.