Wengriýada geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary hem-de döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna ýokary derejeli myhmanlar bilen bir hatarda, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, daşary ýurtlaryň Wengriýadaky ilçileri, bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar hem gatnaşdylar. Budapeşt şäheriniň merkezinde ýerleşýän kaşaň Miras öýüniň giň eýwanynda guralan sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar bu ýerde türkmen milli lybaslaryny, gelin-gyzlarymyzyň bezeg şaý-seplerini, şekillendiriş sungatynyň eserlerini synladylar, şeýle-de el işleri, Türkmenistanyň baý taryhy we medeni mirasy baradaky eserler bilen tanyşdylar.