Beýik ynamyň beýany

14 Awgust 2024
134

«Beýik ynsany beýik işler döredýär» diýilýär. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Biz muny diňe bir ýurdumyz, halkymyz üçin däl, eýsem, bütin dünýä, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan hoşniýetli syýasatynda-da görýäris.

Biziň illerde köpri, ýol gurmak, bag ekmek ýaly umumadamzat ähmiýetli işler sogap hasaplanylýar. Edebi çeşmelerde hem köpri ýa ýol guran, bag eken, şeýle-de umumynsanyýet ähmiýetli eser ýazan ynsanyň ömri bakydyr diýilýär. Çünki bütin dünýä üçin haýyrly işleri bitirip, umumadamzadyň alkyşyny alan adamy Ýaradan ýalkarmyş. Biz munuň şeýledigine amal eden beýik işleri bilen dünýä derejesinde ykrar edilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamata öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömür ýollarynyň mysalynda aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Görüm-göreldesi, peder ýörelgesi bilen ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berýän, ýoldur köprüleri gurdurýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseriniň halk köpçüligine ýetirilmegi hem köňlümizi çäksiz buýsanja besledi.

Sülgün MYRATGELDIÝEWA.